Harytlary gaýtarmak ýa-da çalyşmak

SATYN ALYNAN HARYTLARY GAÝTARMAGYŇ ÝA-DA ÇALYŞMAGYŇ TERTIBI WE ŞERTLERI:

HORMATLY MÜŞDERILER!

Internet saýtyndan sargyt edilen harydy gaýtarmak iki görnüşde bolup biler:

  1. Eger-de sargyt eden harydyňyz öýüňize gelen wagty harytda göwnüňize jaý bolmadyk kemçilikler ýa-da ölçeginde näsazlyk gören ýagdaýyňyzda harydy şol bada size getiren işgärimize yzyna berip, diňe sargyt hyzmatynyň tölegini (15 manat) töläp bilersiňiz. (BELLIK: yzyna gaýtarmak hyzmatyna diňe internet saýtyndan sargyt edilen harytlar degişli)
  2. Sargyt eden harydyňyz size gelip gowşanyndan soň ölçeginde näsazlyk ýa-da göwnüňize jaý bolmadyk kemçilikler bolan ýagdaýynda +99362185999 nomera ýüz tutup bilersiňiz. Şeýle ýagdaýda harydy 15 günüň dowamynda magazynymyza getirip başga bir haryda çalşyp bilersiňiz.

BELLIK: Şahsy gigiýena degişli harytlar (içki eşikler, kolgotkalar, joraplar, bodiler, ýuwujy serişdeler, çüýşeler, emzikler) gaýtarmaga ýa-da çalyşmaga degişli däldir.