Ulanyş düzgünleri we gizlinlik şertleri

KIDS PLAZA onlaýn söwda platformasyny ulanmagyň şertleri

1. TANYŞDYRYŞ

KIDS PLAZA onlaýn Söwda platformasy (mundan beýläk Saýt) agzalaryna (agza) onlaýyn söwdanyň iň aňsat we tiz usulyny hödürleýär. Söwda prosessiniň dowamynda aşakda bellenilip geçilen şertleriň we düzgünleriň dolu berjaý edilmesiniň zerurdygyny ýatladýarys.

2. UMUMY DÜZGÜNLER

a) Müşderiler Saýta agza bolanda gerekli bolan şahsy maglumatlary doly we dogry ýazmaklyk bilen borçlanýarlar.

b) Agza bolmaklyk bilen her bir müşderi Saýtyň ähli şertlerini we düzgünlerini kabul etdi diýip hasap edilýär.

ç) Ylalaşyk, agzalygyň ýatyrylmagy bilen güýjüni ýitirýändir.

d) KIDS PLAZA saýtyň ulanylyş şertlerine we düzgünlerine birtaraplaýyn üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hukugyna eýedir.

3. Ulanyjynyň hukuklary we borçlary

1) Saýt ähli raýatlaryň ulanmaklygy üçin niýetlenendir we ulanylyş döwründe agzalar şertleri we düzgünleri doly berjaýe borçludyrlar.

2) Saýtyň administrasiýasynyň, Agza öz hasabyny pozandan soň ulanyjy maglumatlaryny pozmaklyga ýa-da pozmazlyga hukugy bardyr.

3) Şeýle hem her bir agzanyň Saýtda döredilen şahsy maglumatlary barada maglumat almaga we maglumatlardaky näsazlyklaryň düzedilmegini talap etmäge hukugy bardyr.

4. Saýtyň hukuklary we borçlary

1) Saýtyň dolandyryjylarynyň, sahypanyň ulanyş şertleriniň bozulmagy sebäpli ulanyjy hasabyny pozmaga doly hukugy bardyr.

2) Ulanyjy tarapyndan agza bolnanda bellenilen açar sözi ýa-da şahsy maglumatlaryň başga adamlara ullanmaklyga berilmegi netijesinde ýüze çykyp biljek ähli näsazlyklardan Agza jogapkärdir. Şeýle-de başga biriniň maglumatlarynyň, IP adresiniň, e-poçtasynyň rugsatsyz ulanylmagy bilen baglanyşykly ähli hukuk we jerime jogapkärçiliklerini Agza öz üstüne alýar.5. Gizlinlik syýasaty

Saýtyň hyzmatlaryndan peýdalanýan döwrüňizde we/ýa-da saýtymyza agza bolan ýagdaýyňyzda, size ýokary hilli hyzmat bermek üçin adyňyz, familiýaňyz, e-poçta adresiňiz, telefon belgiňiz, jynsyňyz, doglan günüňiz, eltip berme adresiňiz ýaly käbir şahsy maglumatlaryňyza zerurlyk ýüze çykyp bilýär. Saýtda alnan maglumatlar aşakdaky maksatlar üçin ulanylýar:

Agzanyň hususy hasabyny döretmek.Sargydy ýerine ýetirmek, eltip bermek we Agzalar bilen aragatnaşygy saklamakSargytlar, hyzmatlar we arzanladyşlar hakda maglumat bermek.Agzalarymyzyň saýlawlaryny seljermek we her bir Agza degişli teklipler hödürlemek.Trend seljermeleri we statistik seljermeleri etmek.

Ýüze çykan soraglar üçin kidsplazapr2017@gmail.com mail adresine ýa-da +99362185999 telefon belgisine ýüz tutup bilersiňiz.